Alabaý — geçmişden şu güne

19 Fewral 2022
3443

Halkymyzda «It geldi — gut geldi» diýen paýhasly jümle bar. Bu çuň manyly jümle alabaýlaryň türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini aňladýar. «Gut» sözüniň it bilen baglanyşdyrylmagynyň halkymyzyň alabaý itlerini saklamagy, olary ýetişdirmegi bagt bilip, olar hakynda oňyn düşünjede bolandyklaryny äşgär edýär.

Ýakynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça «Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy» atly halkara ylmy-amaly maslahat we sergi geçirildi. Maslahatda halkymyzyň dünýä beren deňsiz-taýsyz milli gymmatlyklarynyň özara baglanyşygy, ýagny halyçylyk sungatynda türkmen alabaýlarynyň şöhlelendirilişi, «it ýatak», «tazy guýruk», «güjük yzy» ýaly gadymy göller bilen çitilen halylaryň we haly önümleriniň gadymy nusgalaryny gorap saklamak hem-de olar bilen jemgyýetçiligi tanyşdyrmak barada giňişleýin gürrüňler edildi.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
«Güneş».