Ýaponiýanyň gämi gurluşyk «Koa Sangyou» kompaniýasy elektrik ulgamynda işleýän dünýäde ilkinji tankerini suwa goýberdi. Dabara Kagawa prefekturasynyň gämi gurluşyk kärhanasynda geçirildi. Gämi sargytçy «Asahi Tanker» kompaniýasynyň hormatyna «Asahi» diýlip atlandyryldy. Tankeriň uzynlygy 62 metre barabar. Gämi umumy kuwwaty 3480 kilowatlyk litiý-ion batareýalary bilen enjamlaşdyrylandyr we 150 – 180 kilometre çenli aralygy geçip bilýär. Doly zarýad bermek üçin bolsa, takmynan, 10 sagat gerek. Tankeri 2022-nji ýylyň mart aýyndan başlap Tokio aýlagynda ummanara gatnaw gämilerine ýangyç guýmak üçin ulanmaklyk meýilleşdirilýär.