«Chegg» kompaniýasy «Busuu»-ny nagt görnüşde, takmynan, ABŞ-nyň 436 million dollaryna satyn almak barada şertnama baglaşdy. Maglumat üçin, «Busuu» London, Madrid ýaly Ýewropa şäherlerinde ofisleri bolan, dünýäniň ähli künjeginde ulanylýan dil öwreniş internet platformasydyr. «Chegg» bu satyn alyş bilen umumy söwda dolanyşygyny ABŞ-nyň 17 milliard dollaryna barabar sanly dil öwreniş bazaryna öwürmegi meýilleşdirýär. Satyn almagyň 2022-nji ýylyň 1-nji çärýeginde tamamlanmagyna garaşylýar.