Fransiýanyň «DxO Labs» tehnologiýa kompaniýasynyň «DxOMark» reýtinginiň täze lideri «Oppo Reno6 5G» smartfony, hatda «iPhone 13 Pro Max» ýaly güýçli täze smartfondan hem ep-esli öňe geçdi. Täze enjam 96 utuk toplady. Öňki lider «iPhone 13 Pro Max» smatrfony 89 utuk gazandy. «Oppo Reno6 5G» smartfonynyň «DxOMark»-yň reýtinginde ýokary utuk gazanmagynyň esasy sebäpleriniň biri, onuň 65Wt-lyk «SuperVOOC 2.0» çalt zarýad beriş ulgamynyň bolmagydyr. Bu ulgam smartfona bary-ýogy 22 minutda 0-dan 80%-e, 35 minutda bolsa 100%-e çenli zarýad berip bilýär. Synag wagtynda «Oppo Reno 6 5G» ýerlikli ulanmak şertinde 57 sagat işledi.