Kebelekleriň dünýäsi

22 Noýabr 2021
3802

Mähriban çagalar, dünýädäki iň owadan hem-de iň ejizje jandar näme diýilse, hemmejäňiz «kebelek» diýip, jogap berersiňiz. Dogrudan hem, kebelekleriň dürli reňkli ganatlaryndaky nagyşlaryň owadanlygy, olaryň howada pel-pelläp gaýyp ýörşi hemmeleriň kalbyny joşdurýan bolsa gerek.

Amerikanyň Florida ştatynda ýerleşýän «Kebelekleriň dünýäsi» diýlip atlandyrylýan seýilgäh dünýädäki iň täsin hem-de ýakymly ýerleriň biridir. Bu ýerde ýigrimi müňden gowrak kebelejikler ýaşaýar we bu täsin jandarlaryň gözelliginden lezzet almak isleýän islendik adam giriş petegini alyp, seýilgähde seýil edip bilýär.

«Güneş».