Halkymyzyň asylly ýörelgesi

21 Noýabr 2021
2439

Öý-ojak, maşgala, nesil terbiýesi mukaddes hasaplanýar. Her bir halkyň Watan, il-gün, maşgala ojagy hakynda özüne mahsus däp-dessury, ýol-ýörelgesi bar. Taryha nazar aýlanymyzda, türkmen halkynyň Watana, öz maşgala ojagyna bolan sarpasy, söýgüsi has-da belent derejelere eýedir. Halkymyzyň taryhy döwürlerde toplan durmuş tejribesi esasynda milli terbiýeçilik ýörelgesi, medeniýeti, ruhy düşünjesi döräp, biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Türkmen halky «Maşgalam — baş galam» diýen pähime uýup, maşgala ojagynyň binýadynyň berk, kämil derejede bolmagyna örän ünsli garaýar. Ata-babalarymyz perzendi döwletlilik hasaplapdyr.

Tylla ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.