Edep-ekram - ynsan bezegi

10 Noýabr 2021
1954

Ýurdumyzda adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek, halkara hukugynyň ynsanperwer ugry boýunça kadalary kanunçylyga ornaşdyrmak we hukuk ulanyş tejribesinde durmuşa geçirmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar.

Geçmişde enelerimiz gyzlaryna keşde çekmegi, haly dokamagy, dürli naharlary taýýarlamagy öwretse, atalar ogullaryna ekin ekmegi, mal-gara seretmegi, ussaçylyk işlerini, umuman, hünär öwredipdirler. Parasatly pederlerimiziň uzak ýyllaryň dowamynda döredip, syntgylap, kämilleşdirip, şu günlerimize ýetiren täsin eserleri häzirki günde-de terbiýäniň esasy çeşmesi bolup hyzmat edýär. Medeni mirasymyzyň ähli ugurlarynyň maksady ýetişip gelýän ýaş nesillerimize terbiýe bermek, ilhalar, hakyky halal ýoldan ýöreýän, gözellige düşünýän adamlary terbiýeläp ýetişdirmekdir.

Aýjeren IMAMGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.