«Tes­la» 1 tril­lion­lyk sep­gi­de ýet­di

31 Oktýabr 2021
1774

Ame­ri­ka­ly işe­wür Ilon Mas­kyň «Tes­la» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ma­ýa do­la­ny­şy­gy Nýu-Ýor­kuň gaz­na bir­ža­syn­da­ky söw­da­lar­da ABŞ-nyň 1 tril­lion dol­la­ryn­dan geç­di. «Tes­la» 100 müň sa­ny elektro­mo­bil sar­gyt eden «Hertz Glo­bal» hol­din­gi bi­len bag­la­şan şert­na­ma­syn­dan soň, kom­pa­ni­ýa­nyň paý­na­ma­la­ry­nyň ba­ha­sy has-da gym­mat­la­dy. Has ta­ky­gy, paý­na­ma­lar 9% ýo­kar­lan­dy we bu gör­ke­zi­ji «Tes­la»-nyň 1 tril­lion­lyk bel­gi­ni geç­me­gi­ne ýar­dam ber­di. Ýö­ne mu­ňa ga­ra­maz­dan, Mas­kyň kom­pa­ni­ýa­sy hä­zir­lik­çe ba­za­ryň öň­de­ba­ry­jy­la­ryn­dan ep-es­li yz­da bar­ýar. My­sal üçin, «App­le»-niň ba­zar ba­ha­sy ABŞ-nyň 2,46 tril­lion dol­la­ry­na, «Micro­soft»-yň ba­zar ba­ha­sy ABŞ-nyň 2,3 tril­lion dol­la­ry­na ba­ra­bar­dyr. Ýe­ri ge­len­de, «Tes­la»-nyň 1 tril­lion­lyk sep­gi­de ýet­mek­de tiz­lik re­kor­dy­ny go­ýup, 18 ýy­lyň için­de ýe­ten­di­gi­ni bel­le­me­li­di­ris. 

Hemra KAKAJANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň uly mugallymy.