Çagalaryň durmuş taýdan goraglylygy

28 Oktýabr 2021
1903

Çagalaryň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirmek ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň özenini düzýär. Çagalaryň goraglylygy bilen bagly hukuklar halkara hukugynda ileri tutulýan kadalar hökmünde öňe sürülýär. Bu kepillikleriň üpjün edilmeginiň netijesinde bolsa ählitaraplaýyn sagdyn, ösen dünýägaraýyşly nesli kemala getirmäge köpugurly şertleriň toplumy döreýär. Esasy Kanunymyzyň 40-njy maddasynda maşgalanyň, eneligiň we çagalygyň döwletiň goragynda durýandygy baradaky kada hem maşgala binýadynyň, ýaş nesliň kanun taýdan goraglylygyny kepillendirýär. «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bolsa her bir çaganyň özüne berlen ähli hukuklardan we azatlyklardan peýdalanmaga hukugynyň bardygy, bu hukuklar durmuşa geçirilende, onuň iň gowy bähbitleriniň üpjün edilmeginden ugur alynmalydygy kesgitlenilendir. Şu nukdaýnazardan, halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda  eneligi we çagalygy goldamak babatdaky işleri alyp barýan BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Ilat gaznasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýdy.

Türkmenistan döwletimiz 1994-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen  Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna goşuldy. Häzirki wagtda 193 döwlet tarapyndan tassyklanylan bu Konwensiýanyň maddalarynda ata-enäniň öz çagalary babatdaky borçlarynyň çaganyň ýaşaýşy, kadaly ösmegi üçin iýmit, geýim, ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmekden, çaga bilim bermekden, onyň şahsyýetini, zehinini hem-de akyl, beden ukyplaryny ösdürmekden ybaratdygy kesgitlenilendir.  Bu Konwensiýa gatnaşyjy döwlet hökmünde, ýurdumyz öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarly bolup galýandygyny görkezip, onuň kadalaryny milli kanunçylyk ulgamymyza utgaşdyrmak bilen, anyk işleri durmuşa geçirýär.

Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.