Terbiýe — ömrüň bezegi

21 Oktýabr 2021
2073

Türkmençilikde öý-ojaga maşgala mukaddesligi hökmünde garalýar. Biziň nesillere berýän terbiýämiz hem şol mukaddeslikden gözbaş alýar. Ata-enäniň ogul-gyzyna berýän terbiýesi görüm-göreldeden başlanýar. Ilçilikde gowy maşgala diýdirip bilýän ata-eneleriň terbiýeläp ýetişdiren zürýatlary soňra jemgyýetde-de gowy adamlar diýlip tanalýar.

Pederlerimiziň pähimlerindäki «Ogul atadan görmese, supra ýaýmaz», «Gyz eneden görüm görmese, öwüt almaz» diýen ýaly dürdäne pikirler maşgala terbiýesi, ata-enäniň perzentlerine görüm-göreldesi bilen bagly aýdylypdyr. Maşgalada gyza berilýän terbiýede esasy orun enä degişli bolup durýar.

Nurtäç ANNAMUHAMMEDOWA,
žurnalist.