Millionlarça awtoulag eýeleri tarapyndan aýdym-saz diňlemekde, awtoulagy gönükdirmekde we telefonda gürleşmekde ulanylýan «CarPlay» goşundysynyň eýesi «Apple» kompaniýasy awtoulaglarda ulanylýan tehnologiýalar hyzmatlarynyň gerimini giňeltmegini dowam etdirýär. Häzirki wagtda kompaniýa awtoulaglaryň klimat-gözegçilik, spidometr, radio we awtoulag oturgyçlary ulgamlarynyň funksiýalaryna ygtyýar berýän tehnologiýalarynyň üstünde işleýär. «Apple» kompaniýasy «IronHeart» atly täze goşundysyny döretmek üçin, birnäçe awtoulag öndürýän kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyga başlady.