Bagtyýarlyk döwründe ylmyň eýeleýän orny

6 Oktýabr 2021
2551

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz ösüşleriň aýdyň ýoluna düşdi. Milli Liderimiziň baştutanlygynda häzirki wagtda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar we geljekki uly ösüşleriň binýady tutulýar. Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde, öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde bilimiň, ylmyň orny örän uludyr. Diýarymyzyň ykdysady, syýasy, medeni ugurlardaky ösüşi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy köp babatda ýurdumyzda ylmyň ösüş derejesine baglydyr.

Irki döwürde ýaşan merwli meşhur türkmen alymy Abu Abdyrahman Abdylla ibn Mübarek Merwezi: «Ynsan ylym bilen ynsandyr, ol ylym bilen öz hormatyna eýe bolýar» diýýär. Hakykatdan-da, ylym ynsanyň ähli ajaýyp ahlak sypatlaryny açyp görkezyär. Ylymly ynsan ruhy taýdan baý bolýar. Çünki ol dünýäniň iň uly hazynasy bolan ylmyň eýesidir.

Şirin GUWANJOWA,
Halaç etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň mugallymy.