Türkmen zenanlarynyň taryhy dünýäsi

25 Awgust 2021
3747

Türkmen zenany täsin hem syrly dünýä. Oňa aralaşmak üçin taryha ser salmaly bolýar. Arheologlarymyzyň geçirýän gazuw-agtaryş işlerinde tapylýan taryhy tapyndylar oňa şaýatlyk edýär. Köpetdagyň eteginde gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan toýundan ýasalan aýallaryň heýkeljikleri, baryp biziň eramyzdan öňki VI müňýyllyga, neolit döwrüne degişli diýlip hasaplanylýar. Alymlar olary aýal hudaýyň heýkelleri diýen netijä gelýärler. Ol heýkeller wagtyň geçmegi bilen şaý-seplerdäki nagyşlara siňip, dagdan agajyndan ýasalan doga-tumarjyklarda şekillendirmek bilen biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Gadymy döwürlerde türkmen zenanlarynyň käbiri söweşjeň serkerde bolupdyr. Arheologlar gazuw-agtaryş işlerini geçirenlerinde söweş lybasynda jaýlanan aýallaryň guburlaryny tapypdyrlar. Ýagny şol döwürde olary öz ýaraglary, demir gylyç, naýza, ok-ýaý bilen bile jaýlapdyrlar. XIII asyrda ady näbelli pars ýazyjysy «Ajaýyb ad-dünýä» (Dünýä täsinlikleri) atly kitabynda oguzlar barada: «Olaryň owadan aýallary bar. Ol aýallar söweş lybaslaryny geýip, ýarag dakynyp, söweşlere-de gatnaşýarlar» diýip ýazypdyr. Gadymy döwürlerde türkmen zenanlary ýanýoldaşlary, doganlary bilen deň durup, duşmana garşy söweşipdirler.

Gunça AGABALOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.