Türkmen alabaýlary dünýäde meşhur tohumlaryň biridir. Ýurdumyzyň seçgiçileriniň alabaýyň arassa ganlylygyny saklamak babatda ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirmeginiň netijesinde, olar biziň günlerimize çenli özüniň asyl keşbini saklap geldi. Türkmen alabaý itleri dünýäniň goragçy tohum itleriniň hatarynda öňdäki orny eýeleýär. Itleri idetmek, olaryň arassa ganly tohumyny saklamak üçin dürli edaralar we guramalar hereket edýär. Munuň üçin ýörite hünärmenler zähmet çekýärler. Itşynaslygy ösdürmek we itleriň tohum babatda arassa ganlylygyny saklamaga niýetlenen dünýä belli edaralaryň käbiri bilen tanyşmak gyzykly bolsa gerek.
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumy