Ykbalyny sporta baglan serhetçi türgen

2 Iýun 2021
1459

1993-nji ýylyň 17-nji fewraly. Lebap welaýatynyň Saýat etraby. Ir säheriň buşluk habary Remezan aganyň hem-de Zybagül gelnejäniň agzybir maşgalasynyň gapysyndan bagt bolup ätledi. Olaryň agzybir ojagynda ýaňlanýan bäbejigiň jägildi sesi bagtly maşgalanyň şowhunyny has-da artdy. Mähriban ojagyň gujagy baky bagtyýarlyga beslenip, daşarynyň mymyk şemaly, onuň ugruna agaçlaryň şahalarynyň ygşyldaýyşlary, guşjagazlaryň ganat kakyşlary edil buşlukçy sazyň şanyna tans edýäne meňzeýärdi. Säher bilen dünýä inen gyzjagaza uly arzuwlar, ýagşy umytlar bilen «Maýa» diýip at dakdylar.

Günler aýlara, aýlar ýyllara gol berip geçip durdy. «Iki aýakly iki günde» diýlişi ýaly, Maýajyk okuw ýaşyny dolduryp, ak mekdebiň bosagasyndan ätledi. Mekdep durmuşy, mugallymlarynyň öwredýän sapaklary onuň üçin gyzyklydy. Ol özüniň bilesigelijiligi, zehinliligi, ukyp-başarnygy bilen mekdep mugallymlaryna-da özüni aldyrmagy başardy. Bir gezegem ak kagyzyň ýüzüne sport toplumda türgenleşýän bir gyzjagazyň suratyny çekip: «Menem şular ýaly türgen boljak!» diýip, boýunjagazyny burup, kakasyna özüni sport mekdebine türgenleşige äkitmegi haýyş edipdi. Kakasy Maýajygyň höwesini gijikdirmän, ony öýleriniň golaýyndaky sport mekdebine alyp barýar. Remezan aga sport mekdebiniň türgeni Aman Ýagmyrow bilen hal-ahwal soraşyp, gyzynyň woleýbol oýnamaga höwesiniň bardygyny aýdyp, oňa tälimçilik etmegini haýyş edýär.

Selbi AŞIROWA,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.