Sportuň arassa hem peýdaly görnüşi

2 Iýun 2021
1450

Ir säherde welosiped sporty bilen meşgullanyp, türkmen tebigatynyň gözelliklerine syn etmek juda ýakymly. Teleýaýlym arkaly Gahryman Arkadagymyzyň dagyň gerişlerini etekläp oturan ajaýyp tebigatly Aşgabadyň tekiz ýollarynda welosiped sporty bilen meşgullanýandygyny göreniňde, göwnüň göterilýär. Şol pursat islendik ynsanyň ekologiýa taýdan arassa sport bilen meşgullanmaga bolan höwesini artdyrýar. Milli Liderimiziň sportuň ähli görnüşleri bilen ussatlarça meşgullanmagy biziň üçin nusgalyk göreldedir. Güneşli Watanymyzda welosiped sportuna uly üns berilýär. Milli Liderimiziň asylly başlangyjyny goldap, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmegi hem welosporty sazlaşykly ösdürmäge oňyn mümkinçilikleri döredýär. Sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşleriniň biri hökmünde ol dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Welosiped sürmek bedeniň taplanmagyna, ýürek-damar ulgamynyň kadaly işlemegine we gan basyşynyň durnukly saklanmagyna, şeýle-de bogunlaryň işjeňligine ýaramly täsir etmek bilen, ekologiýa birjik-de zyýan ýetirmeýär. Hut şonuň üçin hem häzirki döwürde ýurdumyzda welosiped sportunyň tarapdarlarynyň sany barha artýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport, aýratyn-da, welosiped sporty bilen meşgullanmakda bize nusgalyk göreldediginiň aýdyň netijesidir.

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän welotrek binasynyň ulanylmaga berilmegi bilen milli welosiped sportunyň taryhynda täze döwür başlandy. Bu desganyň hil derejesine milli synag ýaryşlaryna gatnaşan türgenler bilen birlikde Halkara welosiped birleşiginiň hünärmenleri ýokary baha berýärler. Onda döredilen şertler iri halkara ýaryşlaryny, dünýä çempionatyny geçirmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, paýtagtymyz Aşgabadyň iň owadan künjekleriniň birinde «Welosiped» binasynyň gurulmagy bu sporta islegiň, buýsanjyň, onuň ynsan saglygyna peýdasynyň näderejede beýikdigini görkezýär.

Ýulduz HAITOWA,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň okuw işleri boýunça orunbasary.