Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyjy esasynda Aşgabatda ekologik abadançylyga ýardam berýän awtoulagsyz günler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň 10 — 25-nji maýy aralygynda paýtagtymyzda hereket edýän şäheriçi awtobuslardan we ýeňil taksi awtoulaglaryndan, şeýle hem ilata hyzmat edýän beýleki jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga ulaglaryň hereketi çäklendirilýär.
Geçirilmegi peýdaly däbe öwrülen bu çäre adam üçin zerur bolan iň oňat howa gurşawyny emele getirmäge, ekologik abadançylygyň ýokary derejesini, arassaçylyk kadalaryny üpjün etmäge gönükdirilendir.