Umumadamzat gymmatlygy

13 Maý 2021
1051

Ýurdumyzyň asudalygy, halkymyzyň bagtyýarlygy hem-de abadançylygy milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň esasy özenini düzýär. Maksatnamalaýyn işleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň düýpli özgerdilmegi hem-de bazar ykdysadyýetine sazlaşykly geçilmegi ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmegine ýardam edýär. Bu bolsa ilatyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanmagyna itergi berýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy özygtyýarly döwletimiziň mizemez hukuk binýady bolmak bilen, halkymyzyň bitewülik, demokratiýa, ynsanperwerlik, watançylyk we adalatlylyk baradaky köpasyrlyk arzuwlaryny şöhlelendirýär. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň gurulmagy onuň ösüşiniň ähli tapgyrlarynda jemgyýetçilik durmuşynyň ulgamlarynyň hukuk taýdan kadalaşdyrylmagy bilen utgaşdyrylýar. Munuň özi milli kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Aýna NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri, içerki gullugyň maýory, hukuk ylymlarynyň kandidaty, alymlyk derejesine dalaşgär.