Belent sepgitlere ynam

13 Maý 2021
976

Ýurdumyzda döwlet gurluşyny, hukuk ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge, jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmaga, ata Watanymyzyň parahatçylygyň we ösüşiň ýoly bilen täze sepgitlere çykmagyny üpjün etmäge gönükdirilen yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär.

2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda göni wideoaragatnaşyk arkaly ýokary guramaçylyk derejesinde üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi halkymyzyň durmuşynda möhüm waka boldy. Ine, şol gün «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi we demokratik ýörelgelere täze itergi berildi.

Gurbanberdi ÇARYÝEW,
Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap prokuraturasynyň sülçüsi, 3-nji derejeli ýurist.