Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň tutuş kadalaşdyryjy-hukuk ulgamynyň esasy bolup, onuň düzgünleri beýleki kanunlaryň many-mazmunyny kesgitleýär, döwlet häkimiýet edaralaryny we jemgyýeti berkitmegiň mäkäm binýady bolup hyzmat edýär, ýurduň ykdysady, durmuş we medeni kuwwatyny depginli ösdürmek üçin zerur bolan şertleri göz öňünde tutýar. Şonuň bilen birlikde, konstitusion kadalarda hukugyň hökmürowanlygy, hemmeleriň kanunyň we kazyýetiň öňündäki deňligi babatdaky ýörelgeler, döwlet häkimiýet hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň konstitusion-hukuk derejesi öz beýanyny tapdy.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 2016-njy ýylda rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, 2020-nji ýylda oňa üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi türkmen halkynyň milli däp-dessurlara esaslanýan hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda demokratiýa we hukugyň hökmürowanlygyna okgunlylygyny aýdyň şöhlelendirýär. Munuň şeýle bolmagy bolsa Türkmenistanyň demokratik, hukuk we dünýewi döwletdiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.