Agzybirlik–rysgala gözbaş

12 Maý 2021
1905

(Oçerk)

«Garryly öý — gaznaly öý» diýlip ýönelige aýdylmaýar. Ak sakgally atalar, kümüş saçly eneler — paýhas käni, görüm-göreldäniň mekdebi. Bir danadan: «Baş gatymy, daş?» diýip soranlarynda, ol: «Baş» diýip jogap beripdir. Çünki ynsan balasy başa düşen iň agyr kynçylygy hem erki, eradasy bilen ýeňip geçmegi başarýar. Uruş ýyllarynyň horlugy, ýeter-ýetmezligi adamzat üçin synag döwri boldy. Şonda «Başa düşen işi başarmak gerek» diýen pähime gulluk edýän türkmen ýigitleri hakda-ha gürrüň ýok, gyz-gelinler hem mertligiň belent nusgasyny görkezdiler.