Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda egsilmez şatlyga, joşguna we buýsanja beslenip bellenen behişdi bedewlerimiziň we türkmen alabaýlarynyň şanyna tutulan baýramymyzyň dabarasy şanly wakalar bilen dünýä doldy.
Bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli birnäçe sergiler, ylmy maslahatlar, döredijilik we sport ýaryşlary, şol sanda uzak aralyga — 60 kilometrlik marafon geçirildi.