Mahabatlandyrma — önümlere we hyzmatlara gyzyklanma

30 Aprel 2021
1803

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kabul edilen, haryt bolçulygyny döretmekde we düýpli gurluşyk işlerinde göwrümli işleri ýerine ýetirýän kiçi we orta telekeçileriň işlerine uly goldaw berip biljek kanunlaryň biri-de, «Mahabat hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr. Bu biziň kanunçylyk ulgamymyzdaky täzelikleriň biri, mahabatlandyrmak işini düzgünleşdirýän ilkinji Kanundyr. Agzalan  Kanun mahabat işiniň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär we mahabaty öndürmegiň, ýaýratmagyň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Bellenilen Kanunyň 2-nji maddasynyň birinji bölegindäki mahabat hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýandygynyň bellenilmegi, onuň kadalarynyň ata-babalarymyzdan miras galan ahlak gymmatlyklaryna esaslanýandygynyň, demokratik ýol-ýörelgelere eýerilýändiginiň we halkymyzyň agzybirliginiň, bitewüliginiň we jebisliginiň esaslaryny berkitmekden ugur alýandygynyň tekrarlanmasydyr. Şu nukdaýnazardan, mahabatyň umumy talaplary onuň kanunylyk, takyklyk, hakykylyk, mahabatyň sarp edijä ýitgi, şeýle hem ahlak zyýanyny ýetirmezlikden ybarat bolmagy bilen baglydyr. Şeýlelik bilen, mahabatyň kanuny bolmagy onuň jemgyýet üçin peýdaly bolmagyny esaslandyrýar we bu düzgüniň bozulmagy mahabat beriji üçin ýaramaz netijelere getirip biler.

Jennet MYRATBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugynyň maglumatlary seljeriş bölüminiň müdiri, 1-nji derejeli ýurist.