Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýurdumyzyň bank ulgamynda hem hyzmatlaryň täze-täze görnüşleri halka hödürlenýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda durmuşa geçirýän ykdysady özgertmelerine jogap edip, dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesini ulanmak arkaly bank amallaryny sanlylaşdyrmak işleri netijeli ýola goýulýar.
Häzirki wagtda raýatlarymyz tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýän bank karzynyň ýene bir görnüşine — — kiçi göwrümli karzlara bolan islegler günsaýyn artýar. Welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän bank şahamçalarynda, bellenen tertipde bölünip berlen melleginde, kömekçi hojalygynda, ýaýladaky ýer böleginde şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek maksatlaryna kiçi göwrümli karzlary bermek ýola goýlan. Munuň özi mellek ýerlerinde, kömekçi hojalygynda, mülk ýerlerinde ekerançylyk, maldarçylyk, guşçylyk we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan raýatlaryň önümçilik işlerini giňeltmek, şeýle hem önüm öndürmeklige islegi bolan, emma maliýe serişdeleri ýetmezçilik edýän raýatlara gysga wagtyň içinde berilýän bank karzydyr. Şeýle görnüşli bank karzynyň berilmegi raýatlaryň melleginde, şahsy hojalygynda gök-bakja we miwe önümlerini, tohum mallary, guş önümlerini öndürmäge mümkinçilik döredýär. Kiçi göwrümli karzlar ýyllyk 10 göterimli, 30 (otuz) müň manada çenli, 6 aý ýeňillikli döwür bilen 3 (üç) ýyla çenli möhlete nagt däl görnüşinde berilýär.