Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde dünýäde emele gelen epidemiologik ýagdaýlar zerarly adamyň jan saglygy üçin howply ýokanç keselleriň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak maksady bilen, uly möçberli toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Bu ugurda maşgala lukmanlary we şepagat uýalary özleriniň hyzmat edýän çäklerinde, edara-kärhanalarda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň saglyga peýdaly taraplary barada giňişleýin wagyz-nesihat işlerini geçirýärler hem-de degerli söhbetdeşlikleri, gürrüňdeşlikleri guraýarlar. Mekdep okuwçylarynyň hem-de ýokary we ýörite okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda ýokanç keselleriniň öňüni almak boýunça özleriniň peýdaly maslahatlaryny berýärler. Gaýrüzülmeleriň öňüni almak usullaryny dürli mysallaryň, anyk delilleriň üsti bilen sada dilde düşündirýärler. Häzirki wagtda lukmanlarymyzyň we şepagat uýalarymyzyň wezipe borçlaryna laýyklykda, gazet-žurnallarda ýiti respirator we beýleki kesellerden goranmak, olaryň öňüni almak üçin şahsy gigiýenanyň, arassaçylygyň ähli düzgünlerini, kadalaryny doly we dogry berjaý etmek baradaky makalalar çap edilýär.
Islendik keselden goranmagyň iň ygtybarly ýoly arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmekdir. Her bir adamyň arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegi örän zerurdyr. Islendik keseliň öňüni almak üçin oňa ünsli çemeleşmeli, şeýle ýagdaýda özbaşdak bejergi almak bolmaýar. Munuň özi adamyň saglygyna uly zyýan ýetmegine hem-de keseliň daş-töweregiňdäki adamlara ýokuşmagyna şert döredýär.