Ýurdumyzyň ulag-üstaşyr diplomatiýasy

18 Aprel 2021
1728

Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli alyp barýan ulag-üstaşyr diplomatiýasy esasynda, ýurdumyzyň içerki hem-de halkara ulag infrastrukturasy täze çekilýän ýollaryň hasabyna ösýär. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda: «Ulaglar ulgamy ýurduň «çylşyrymly bedeninde» özboluşly «damar ulgamynyň» wezipesini ýerine ýetirmek bilen, ol ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir» diýip belleýär. Türkmenistanyň halkara ulag gatnawlarynyň ösdürilmegi, üstaşyr geçirijilik kuwwatynyň artmagy ýurdumyzda öndürilýän, importyň ornuny tutýan ýokary hilli önümlerdir harytlaryň dünýä bazarlaryna bökdençsiz ugradylmagyny, şeýle hem üstaşyr geçýän ýükleriň barmaly nokadyna gysga wagtda barmagyny gazanmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanda ýol-ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegi ýurduň içinde we halkara derejesinde ýükleriň, ýolagçylaryň gatnawyny artdyrmaga mümkinçilik berdi. Munuň özi, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dünýä ykdysady ulgamyna üstünlikli goşulmagyna giň şertleri döretdi. Ýurdumyz Ýewropa Bileleşigi bilen «Ýewropa — Kawkaz — Aziýa» (TRASEKA) ulag geçelgesini döretmekde hyzmatdaşlyk boýunça maksatnamany, Merkezi Aziýada Sebitara Ykdysady Hyzmatdaşlyk maksatnamasyny, Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň ýörite maksatnamasyny we beýleki halkara maksatnamalaryny amala aşyrmaga gatnaşýar.

Şemşat KLIÇOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.