Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiziň binagärlik keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Gözel paýtagtymyz Aşgabat iri şähergurluşyk taslamalarynyň merkezine öwrüldi.
Bilşimiz ýaly, düýn paýtagtymyzda milli Liderimiziň ak patasy bilen Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi, Türkmenistanyň Kabul ediş merkezi açyldy. Bu dabaralar «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň baýramçylyk çärelerini täze mazmun bilen baýlaşdyrdy. Şeýle hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahat geçdi.