Möwsümleýin kesellerden goranalyň

15 Aprel 2021
1427

Dem alyş ýollarynyň sowuklamasy köplenç halatda daşky howadaky zyýanly mikroorganizmleriň, wiruslaryň, kömelejikleriň bedene düşmegi bilen döräp bilýär. Kesel näsag adamdan gapdalyndaky adama howa-damja ýoly bilen geçip bilýär. Lukmanlarymyz bu keseli başga wiruslaryň döredýändigini we soňlugy bilen bakteriýalaryň, kömelejikleriň üsti bilen ýaýramagyny dowam edýändigini belleýärler.

Sowuklama ýylyň islendik paslynda-da döräp bilýän kesel bolup, esasan-da, möwsümde has-da güýjeýär. Howanyň biraz ýylamagynyň netijesinde onuň üýtgemegi bilen adamlaryň köpüsi talabalaýyk geýinmeýärler. Daşardan gyzyp gelip, sowuk suw içip, penjiräni ýa-da gapyny açyp, bir wagtda şemalyň ugrunda durup, bedeniň hem-de ýokary dem alyş ýollarynyň keselleri bilen keselleýärler. Sepgit döwründe biz saglygymyza has-da köp üns bermelidiris.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.