Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy ensiklopedik kitabynda ysmanak we onuň ähmiýeti barada giňden beýan edilýär. Baharyň gelmegi bilen, ýaýlalarymyz ýaşyl ýapynjasyny ýapynyp, parç bolup gögeren otlary bilen bereket-rysgal eçilýär. Ýuwa, ýelmik, selme, ysmanak ýaly otlar-a gözüňe has-da üýtgeşik görünýär. Şol otlaryň içinde ilkinjileriň hatarynda ýapraklaryny ýaýyp, ysmanak peýda bolýar. Olary ýygmagyň hem öz hezilligi bar. Arly gyşdan soň diňe mal-garalar däl, ynsanlar hem gögi küýseýär. Onsoň üýşüp-üýşüp meýdana ysmanak ýygmaga gidilýär. Edil häzirki wagt hem ysmanak ýygmagyň möwsümi hasaplanylýar.
Hawa, ýurdumyzyň topragynda bitýän ösümlikler tebigy maddalara baý bolup, olar bedende ýeňil özleşýär. Şol ösümlikleriň arasynda mynasyp orun alan ysmanakdan taýýarlanylýan tagamlary ýaşululardyr ýaşkiçiler işdämenlik bilen iýýärler. Irki wagtlarda hem adamlaryň bahar paslynyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşmaklarynyň düýp sebäbini her dürli otlary iýmit hökmünde we derman üçin ulanýandyklary bilen düşündirmek bolar. Gök otlaryň düzüminde adam organizmi üçin iň zerur maddalar — witaminler, beloklar, ýaglar, uglewodlar, mineral duzlar we beýleki mikroelementleriň barlygy hem bireýýäm ýüze çykaryldy. Ysmanagyň kesele garşy derman häsiýeti alym Abu-Aly Ibn Sina tarapyndan tapylypdyr. Bu alym ysmanak derman hökmünde ulanylanda, azganlylyk, witamin ýetmezçiligi ýaly keseller bilen kesellän adamlara peýda berýändigi barada aýdypdyr.