Ýokary hil — döwrebaplyk

14 Aprel 2021
1615

Dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşýan Türkmenistan dokma pudagynyň ähli ugurlarynyň innowasiýa esasynda yzygiderli ösdürilmegini, diňe bir içerki bazary daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, dünýä bazaryna uly islegden peýdalanýan, halkara ölçeglere laýyk gelýän dokma önümlerini ibermegiň möçberlerini artdyrmagy ugur edinýär. Türkmenistanyň jemi içerki önüminde bu pudagyň tutýan paýynyň ýylsaýyn artmagy, ilkinji nobatda, dokma önümlerini öndürmekde döwletimiziň bäsdeşlik artykmaçlyklaryna eýe bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Hususan-da, dokma senagaty üçin zerur bolan çig malyň, ýagny pagtanyň, ýüpegiň öz ýurdumyzda öndürilmegi pudagyň okgunly ösüşini üpjün edýär.

Türkmeniň mukaddes topragynda, çogly Gününiň, suwunyň täsirinde ösdürilip ýetişdirilen pagta süýüminiň özboluşly häsiýetleri gigiýeniki taýdan arassalygy, geçirijiligi, gegiroskopik (çyglylygy özüne kabul edip bilijiligi) berkligi, çeýeligi, üzülme uzynlygy, tämizligi we şuňa meňzeş häsiýetleri emele getirýär. Şol sebäpli hem dünýä ýüzünde pagta süýümlerinden taýýarlanylýan önümlerde özüniň iň gowy häsiýetlerini görkezen türkmen pagtasyndan öndürilen harytlara uly isleg bildirilýär.

Çynar ALLANAZAROWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.