Jümle-jahan habarlary

12 Aprel 2021
3610

«Faraonlaryň altyn ýörişi»

Golaýda Kairiň merkezindäki Müsüriň milli muzeýinde saklanylýan gadymy mumyýalaryň 22-si Müsür siwilizasiýasynyň täze milli muzeýine dabaraly ýagdaýda göçürildi. Bu muzeý ýurduň gadymy Fustat etrabynda ýerleşýär. Bu ýer müň ýyldan gowrak mundan ozal Kairiň düýbüniň tutulan ýeri hasaplanylýar. Göçüşlik mynasybetli guralan dabara «Faraonlaryň altyn ýörişi» diýen ady alyp, ol dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi. Mumyýalaryň 18-si faraonlara we 4-si gadymy Müsüriň aýal hökümdarlaryna degişlidir. Ýöriş Gün ýaşandan soňra başlandy. Niliň kenaryna çykylmanka, ýörişe gatnaşýan ulaglar Tahrir meýdançasyndaky keramatly oduň daşyndan simwoliki aýlaw etdiler. Müsür üçin möhüm bolan mumyýalaryň göçüriliş dabarasy ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri tarapyndan, şeýle hem göni ýaýlym arkaly giň halk köpçüligine ýetirildi.

(Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).