Halkara bäsleşigiň buýsandyryjy netijeleri

8 Aprel 2021
1352

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran Karary bilen tassyklanan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň Maksatnamasynyň çäklerinde, 2021-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginde ýaş hukukçylaryň arasynda onlaýn görnüşinde halkara bäsleşik geçirildi.

Bu halkara bäsleşige Türkmenistandan we dostlukly ýurtlaryň birnäçesinden köp sanly ýaş hukukçy hünärmenler gatnaşdylar.

Leýli SARYÝEWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Halkara-hukuk gatnaşyklary müdirliginiň esasy maslahatçysy.