Ýakynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolup, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlarynyň taýýarlyk işleri bilen tanyşmagy aýratyn guwandyryjydyr. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilip, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda atçylyk sporty bilen meşgullanmak, atlaryň çapyşyklara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu bolsa ynsan gylykly bedewleriň Watan goragçylarynyň we ýurdumyzda tertip-düzgüniň berkarar edilmegini gözegçilikde saklaýan şahsy düzümleriň ýakyn ýardamçylaryna öwrülmegini üpjün edýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli bedewleriň paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda döwlet derejesinde geçirilýän at çapyşyklaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýändigi has-da guwandyryjydyr. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek barada öňde goýlan wezipeleriň amala aşyrylmagyna kazyýet edaralary hem işjeň gatnaşýarlar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna barmagynyň çäklerinde, täze doglan taýçanaga Esger diýip at goýmagy we onuň boýnuna mähriban käbesi Ogulabat ejäniň sünnäläp ören alajasyny dakmagy ýatda galyjy ýakymly pursatlara öwrüldi.