Milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak we dünýä ýaýmak hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen alabaýynyň seçgi tohumçylygyny has-da gowulandyrmak hem-de baş sanyny artdyrmak bu ugurda geçirilýän giň gerimli işleriň möhüm ugruna öwrüldi. Ýakynda ýurdumyzda «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» we «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly atlary döretmek hakynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi hem-de olaryň Düzgünnamalarynyň we döşe dakylýan nyşanlarynyň Ýazgylarynyň tassyklanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, 5-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň binalar toplumynyň gurluşygy bilen tanyşmagy, täze toplumyň Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli açyljakdygynyň göz öňünde tutulmagy ildeşlerimiziň baýramçylyk ruhuny joşdurdy. Munuň özi ata-babalarymyz tarapyndan ýola goýlan gadymy itşynaslyk däplerine hormat goýulýandygynyň beýanydyr.