Dünýä dolýan milli miras

8 Aprel 2021
2198

Ahalteke bedewleri we türkmen alabaý itleri halkymyzyň milli buýsanjydyr we asyrlaryň dowamynda kemala getiren gymmatlyklarynyň naýbaşylarydyr. Asyrlaryň dowamynda türkmen atşynaslarynyň we itşynaslarynyň döreden ýörelgeleri, seýisçilik hem-de seçgiçilik boýunça milli mekdebi dünýäniň dürli ýurtlarynyň bu ugurda meşgullanýan hünärmenlerini özüne çekýär. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp ahalteke atlarymyza bagyşlap ýazan gymmatly eserleri, «Türkmen alabaýy» atly kitaby milli mirasymyzy öwrenmekde halk seçgiçiligimiziň inçe usullaryny yzarlamakda bahasyna ýetip bolmajak gymmatly maglumatlary özünde jemleýär. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hünärmenleriniň tohumçylyk-seçgi işlerini ylmy esasda häzirki zaman usullary we bu ugurda toplanan tejribe arkaly giňeltmegine yzygiderli ýardam berýär.

Goý, milli gymmatlyklarymyzy dünýä tanatmakda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän, milli mirasymyzyň hak howandary hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Ahmet AKYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, kapitan.