Esasy Kanunymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy, adamy goramagyň, goldamagyň we oňa hyzmat etmegiň döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridigi bellenilýär. Milli Liderimiziň adam hakdaky aladalaryndan gözbaş alýan beýik başlangyçlary ýurdumyzyň saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň yzygiderli ösdürilmegine, maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine itergi berýär.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman saglygy goraýyş maksatly desgalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Halkara ölçeglerine laýyk gelýän sport toplumlary hereket edýär. Bu gurulýan we ulanylmaga berilýän sport hem-de bedenterbiýe desgalarynyň, toplumlarynyň her biri iň kämil sport enjamlary bilen üpjün edilýär. Milli sport medeniýetiniň ösmegi Türkmenistanda halkara sport we olimpiýa hereketiniň kämilleşmegine uly goşant goşýar.