Dünýä giňişliginde Türkmenistanyň orny

1 Aprel 2021
1291

«Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgäni öňe sürýän hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasaty, beýik tutumlary, maksatnamalaýyn özgertmeleri biri beýlekisi bilen özboluşly sazlaşýan milli hem-de umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary tutuş dünýä tarapyndan goldanylýar.

Hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan şeýle hukuk ýagdaýy berlen ilkinji döwlet bolmak bilen, halkara hukugyna laýyklykda gelip çykyşy boýunça hemişelikdir, mazmuny boýunça oňyndyr. Munuň özi döwletiň parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde, ýurtlaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde işjeň orny eýeleýändigini görkezýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň: «Hemişelik oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän döwletimiziň halkara abraýy barha ýokarlanýar» diýip aýdan sözleri hem doly tassyklaýar.

Aziz KEMALOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Aşgabat şäher müdirliginiň Büzmeýin etrap bölüminiň uly döwlet bellige alyjysy.