Adam saglygyny ähli zatdan ilerde goýýan Gahryman Arkadagymyz döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli adyl syýasaty durmuşa geçirýär. Milli Liderimiziň raýatlaryň saglygyny goramak, olaryň durmuş üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak ugrunda alyp barýan beýik başlangyçlary ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen beýik taglymatyň durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. «Il saglygy — ýurt baýlygy» hasaplanylýan döwletimizde raýatlaryň sagdyn ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär we bu şertler kanunçylyk namalary arkaly berkidilýär. Şu ýylyň 13-nji martynda kabul edilen «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem aýdanlarymyzy tassyklaýar. Ýokanç keselleriň öňüni almagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýän bu Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup, onda ýokanç keselleriň öňüni almak çygrynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenendir. 7 bapdan we 31 maddadan ybarat bolan bu Kanunda ýokanç keselleriň öňüni almak çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini üpjün etmek, ilatyň ýokanç kesellerden goralmagy ugrunda möhüm çäreleri durmuşa geçirmek we bu ugurda döwlet maksatnamalarynyň işlenilip düzülmegini düzgünleşdirmek, öňüni alyş sanjymlarynyň raýatlar üçin elýeterliligini gazanmak, gaýraüzülmeler ýüze çykan halatynda, raýatlary durmuş taýdan goldamak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini ýola goýmak ýaly möhüm kadalar ýerleşdirilendir.
Kanunda ýokanç keselleriň öňüniň alynmagynyň we ýaýramagynyň çäklendirilmegine we ýok edilmegine gönükdirilen döwlet sanitariýa-epidemiologiýa düzgünleriniň we kadalarynyň berjaý edilmegi öňüni alyş, epidemiýa garşy, durmuş we bilim çäreleriniň toplumlaýyn geçirilmegi, ýokanç keselli syrkawlara tölegsiz saglygy goraýyş kömeginiň berilmegi, ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamagyň döwlet bilim standartlaryna goşulmagyny üpjün etmek barada talaplar görkezilendir.