Dünýä rekordyny täzelän Ýulduz

14 Mart 2021
1794

Üstünliklere ýetmek, ýeňiş gazanmak her bir adamyň kämillik basgançagynda esasy orny eýeleýär. Başarjaňlyk, yhlaslylyk, zähmetsöýerlik bilen gazanylýan uly ýeňişler, üstünlikler bolsa, ynsan ömürlerini nurlandyrýar. Ol nuruň ýalkymy ýatdan çykmajak bagtly pursatlary bagyşlap, göwünleri ganatlandyrýar.

Ýulduzyň mährem käbesi, kyblasy ene toprakdan bagtyny, rysgyny tapan kärendeçiler. Mele topraga bagry badaşan şeýle maşgaladan bolan sadaja oba gyzynyň megerem, geljekde dünýä çempiony bolar diýip, hiç kim güman hem eden däldir. Ýöne, Ýulduzyň dünýä rekordyny täzeläp, çempion bolmak arzuwy durmuş hakykatyna öwrüldi. Bu başgaça bolup hem bilmezdi. Sebäbi, geçmişde Harmandäli ýaly pälwan gyzlary bolan bu topragyň suwundan ganyp, behişdi miwelerinden iýip, jana tenekar howasyndan dem alyp, ese-boýa galan perzentleri Watanyň adyny belende göteräýmeli hem.

Täzegül KULJIKOWA,
«Bereketli toprak».