Diýarymyz — parahatçylygyň, ynanyşmagyň watany

22 Fewral 2021
1261

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan halk bähbitli we umumadamzat ähmiýetli işler özüniň oňyn netijelerini berip, eziz Diýarymyz uly ösüşlere eýe bolýar. 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda halkymyzyň abadan, bolelin durmuşyny nazarda tutýan beýik işleriň amala aşyrylmagy hem munuň şeýledigine aýdyň mysaldyr.

Her ýylda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berilýän ençeme durmuş-medeni desgalaryň bina edilmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi, kärhanalaryň öndürijilikli zähmet çekmäge gönükdirilýän işiniň döwrebap ýola goýulmagy, kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan yzygiderli goldawlaryň berilmegi raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak ugrundaky işleriň miweleridir. Gahryman Arkadagymyz diňe bir ýurdumyzda abadançylygy, parahatçylygy berkitmek ugrunda beýik işleri ýola goýmak bilen çäklenmän, eýsem, parahatçylygyň, dost-doganlyk ýörelgeleriniň dünýä ýüzünde dabaralanmagyny maksat edinýän başlangyçlary amala aşyrmakda hem dünýä nusgalyk işleri alyp barýar.

Tahyr ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, TDP-niň Serdar şäher komitetiniň başlygy.