Ekologiýa bilen sagdynlygyň sazlaşygy

19 Fewral 2021
1678

Häzirki wagtda ýurdumyzda tebigaty gorap saklamakda, ekologiýanyň arassalygyny gazanmakda baý tejribe toplandy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesinde tebigy gurşawy goramaga we ony baýlaşdyrmaga gönükdirilen işlere toplumlaýyn çemeleşilýär. Muny ýurdumyzyň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmakda, ýerleriň hasyllylygyny gowulandyrmakda, suwy tygşytly ulanmakda we durmuşa ornaşdyrylýan beýleki tutumly işlerde görmek bolýar. 

Daşky gurşawyň arassalygy adam saglygyna oňaýly täsir edýär. Adam tebigat bilen berk aragatnaşykda bolýar. Şonuň üçinem halkymyz tebigata aýawly çemeleşip gelipdir. Tebigatyň ösümlik dünýäsini, janly-jandarlaryny goramak ata-babalardan gelýän sogap iş hasaplanýar. Ýurdumyzyň ösümlik dünýäsi örän baýdyr we dürli-dürlüdir. Onda ençeme dermanlyk ösümlikler ösýär. Bular barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işinde giňden beýan edilýär.

Akbäbek GARAGÖNDIÝEWA,
welaýat daşky gurşawy goramak müdirliginiň hünärmeni.