Dünýäni bezeýän Watan waspy

19 Fewral 2021
2003

Güldäne ÖWEZDURDYÝEWA,
Özbegistan Respublikasyndaky Türkmen milli medeni merkeziniň başlygynyň orunbasary:

— Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy dünýäniň çar künjünde mekan tutan arkadaşlarymyzyň başyny göge ýetirdi. Asyrlaryň dowamynda garaşylan ol arzyly gün ähli türkmen halky bilen birlikde, saý-sebäp bilen gaýry ýurtlarda mekan tutan türkmen doganlarymyzyň hem alnyndan ak Gün bolup dogdy. Geçen 30 ýylyň dowamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan içeri hem daşary syýasatda ýokary sepgitleri eýeläp, dünýä ýurtlary bilen halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny gazandy. Şol sanda iki goňşy ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary hem barha berkedi. Özbegistan Respublikasynyň paýtagtyna «Aşgabat» seýilgähiniň hem-de Magtymguly köçesiniň görk bermegi iki dostlukly halkyň gadymy gatnaşyklarynyň döwrebap esasda barha jebisleşýändigine şaýatlyk edýär. Seýilgähiň içine gezelenç edeniňde ahalteke bedewleriniň şekili göwnüňi göterýär. Bu ýerdäki ähli zatlar bize ata Watanymyz Türkmenistany ýatladýar. Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň «Hormatly akademigi» diýen belent derejesine mynasyp bolmagy her birimiz üçin şatlykly waka boldy. Munuň özi milli Liderimiziň dünýä ylmyna goşýan goşandynyň ykrarnamasydyr.