Ykballara nur çaýan gün

19 Fewral 2021
1386

«Garaşsyzlygyň eşretli zamanasy» atly makalalar toplumyndan

Biz käwagt bir-iki günläp Günüň dogýan wagtyny gözegçilikde saklaýarys. Şonda üýtgeşik göze görnüp duran tapawudy görmeýärsiň. Soňra Günüň ýaşýan wagty bilen gyzyklanýarys. Ol hem göze ilip duran tapawudyň ýokdugyny görkezýär. Onsoň, günleri günlerden, aýlary aýlardan, ýyllary ýyllardan tapawutlandyrýan zadyň bolup geçýän wakalara baglydygy barada oýlanýarys. Bolup geçýän ajaýyp wakalar şol güni hakydalara ömürlik siňdirýär. Pikir öwürdigimizçe-de munuň, hakykatdanam, şeýledigine göz ýetirýäris. Üstünden 30 ýyla barabar wagt geçenem bolsa, şol ajaýyp güýz güni asyrlarboýy edilen arzuwlaryň wysaly bolup, göwünlere görk çaýýandyr. Türkmen halky ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolan gününi mukaddeslikleriň hatarynda ýatlaýar.

Amangül NURMYRADOWA,
«Zenan kalby».