Milli ýörelgeleriň beýany

18 Fewral 2021
1430

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň durnukly ösüşi nazarlaýan giň möçberli maksatnamalary netijesinde ýurdumyzda höküm sürýän asudalyk dünýä jemgyýetçiligi bilen hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine badalga bolýar. Milli Liderimiziň ýöredýän hoşniýetli syýasaty netijesinde dünýäniň ençeme döwletleri bilen köpugurly we giň möçberli hyzmatdaşlyklaryň gerimi barha giňeldilýär.

Asudalyk, parahatçylyk, erkinlik şemaly çaýylan Jeýhun bilen Bahry-Hazar arasynda berkarar bolan türkmen döwletinde durmuşa geçirilýän taslamalar giň göwrümliligi, milliligi we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň çar künjeginde Gahryman Arkadagymyzyň her obanyň, şäheriň, welaýat we etrap merkezleriniň gülläp ösüşlerini üpjün etmek maksatnamalary esasynda alnyp barylýan toplumlaýyn işler halkymyzyň bagtyýarlygynyň güwänamasydyr. Ýurdumyzda gurluşyklaryň gerimi gün-günden giňeýär. Gurulýan owadan, kaşaň binalaryň sany barha artýar.

Dinara BALTAÝEWA,
Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň 54-nji orta mekdebiniň mugallymy.