Arkadag — ajap eýýamy dörediji

17 Fewral 2021
1407

Şu ýylyň fewral aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesine girişmegine 14 ýyl dolýar. 2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda, soňra 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda halkymyz möhüm çözgüt kabul edip hem-de konstitusion hukugyndan peýdalanyp, öz erk-islegini beýan etmek bilen, döwlet Baştutanyny saýlady. 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda bolsa biz geljegimiziň öňünde jogapkärçilik bilen şol saýlawa wepalydygymyzy tassyklamak bilen, öz seslerimizi milli Liderimize berdik hem-de geljek 7 ýyla Prezidentiň wezipesini uly hormat bilen ynandyk. Şol ýylyň 17-nji fewralynda milli Liderimiziň bu belent wezipä resmi taýdan girişmek dabarasy boldy. Bu şanly sene resmi taýdan bellenilýän baýramçylyklaryň senenamasyna girmeýär, ýöne ýurdumyzyň ýyl ýazgysynda aýratyn orny eýeläp, 2007-nji ýylda, soňra 2012-nji we 2017-nji ýyllarda türkmenistanlylaryň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan wajyp çözgüdi ýatladýar. Bu senelerde diňe jemgyýetçilik-syýasy wakalar däl-de, eýsem, onuň üsti bilen halkymyzyň synmaz bitewüligi, raýdaşlyk we milli Liderimiziň ähli başlangyçlaryna bolan uly goldaw öz beýanyny tapýar.

Mälim bolşy ýaly, 2007-nji ýylyň fewralynda halkymyz giň bäsdeşlik esasynda geçirilen ählihalk demokratik saýlawlaryň barşynda täze pikir-garaýyşly syýasatçyny — Gurbanguly Berdimuhamedowy iň ýokary döwlet wezipesine saýlady. Munuň özi ozaly bilen, Gahryman Arkadagymyzyň guramaçylyk zehininiň, jogapkärli ýolbaşçy wezipelerde toplan baý tejribesiniň halk tarapyndan ykrar edilmegidir. Şeýle hem özleriniň geljege bolan nurana arzuw-umytlaryny milli Liderimiziň iň ýokary döwlet wezipesindäki işi bilen baglanyşdyrýan türkmenistanlylaryň çuňňur hormatlap, hormatly Prezidentimize bütin durklary bilen bil baglandyklarynyň aýdyň ýüze çykmasydyr. Şeýlelikde, bagtyýar türkmenistanlylar bäsdeşlik esasynda Türkmenistanyň Prezidentligine Gurbanguly Berdimuhamedowy saýlap, halk hem-de ýurt üçin taryhy ädim ätdiler, çünki tebigy serişdeleriň bollugynda, durnukly syýasy gurşawyň, ägirt uly adam mümkinçilikleriniň jemlenen ýerinde häzirki zaman dünýäsinde mynasyp orun eýeläp bolýar. Halkyň giňden goldamagy bilen, milletiň Lideri gysga wagtyň dowamynda örän kyn, ýöne kemsiz kemala gelen täze demokratik we bazar ykdysadyýetiniň esaslarynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň syýasy gurluşynyň netijeli ulgamyna hem-de ykdysady-durmuş ösüşine itergi berjek syýasy, durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrdy. Häsiýeti boýunça düýpgöter täze, möçberi boýunça ägirt uly özgerişler bary-ýogy 14 ýylyň içinde, taryh üçin örän gysga döwürde bolup geçdi. Döwrüň bedew batly şol ösüş-özgerişinde, jemgyýetiň, döwletiň durmuşynyň parahatçylygyň ýoly bilen ösüşinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň görnükli döwlet işgäri, öňdengörüji syýasatçy hökmündäki orny juda ýokarydyr. Şoňa görä-de, döwrümize Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri, ýurduň Baştutanyna bolsa Türkmenistanyň taryhy ýyl ýazgylarynda täze eýýamy aýdyň kesgitlän, türkmenistanlylary ýurduň durnukly hem-de asuda ösüşiniň umumy maksatlarynda jebisleşdirýän Gahryman Arkadag diýilmeginiň özi hem hakykata doly laýyk gelýär.

«TÜRKMENISTAN»