Täsin “orkestr”

8 Fewral 2021
1747

Bu wakany maňa heniz kiçijikkäm babam — bagşy we žurnalist Halykberdi Gurbansähedow gürrüň beripdi. Men häzir hem ol gürrüňi ýatlaýan we ýylgyranymy duýman galýaryn.

Geçen asyryň ellinji ýyllarynyň aýaklarynda babam ýaş hünärmen bolup, Marynyň welaýat halk döredijilik öýünde işe başlaýar. Ol ýerde geljekki atly režissýor Osman Saparow hem işleýärdi. Olar dostlaşýarlar, birek-birek bilen ýakyndan gatnaşýarlar.