Döredijilik adamlarynyň durmuşyndan

4 Fewral 2021
1562

Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynyň ahyrlarynda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetinde okaýarkam edebiýatçy alym Hanguly Taňryberdiýew «XX asyr türkmen edebiýaty» dersinden sapak berýärdi. Ol ussat ýazyjymyz Berdi Kerbabaýewiň döredijiliginden alymlyk derejesini goran adamdy.

Hanguly mugallym Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanyndaky wakalaryň Tejeniň Gowkyzereň, Agalaň obalarynda bolup geçendigini, käbir gahrymanlaryň bolsa hakyky atlarynyň kim bolandygyny aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, eseriň baş gahrymanlary Halnazar baýyň hakyky ady Ulug baý, Pökgi balanyňky Pökgen Welnazar ogly eken.

Hojageldi KÖRHANOW.