Sagdynlyga binýat

2 Fewral 2021
1960

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bedenterbiýe we sport ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Bagtyýarlyga beslenen döwrümizde hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen her bir maşgalanyň, raýatyň sagdyn bolmagy ugrunda ähli şertler döredilýär we ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Diýarymyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda gurlup ulanylmaga berilýän sport toplumlary ýaş nesilleriň sagdyn ruhda terbiýelenmegine uly ähmiýet berilýändigini subut edýär. Ösüp barýan ýaş nesillerimiziň mekdep döwründen başlap bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär.

Şu ýylyň 22-nji ýanwarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny» hem-de şol Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekmegi ýurdumyzda bedenterbiýe we sporty ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini aýdyň tassyklaýar. Milli Liderimiz şol mejlisde häzirki zaman türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek hem-de ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportuň dürli görnüşlerini hemmetaraplaýyn ösdürmek, beden hem-de ruhy taýdan kämil ýaş nesli ösdürip ýetişdirmek boýunça geçirilýän işlere aýratyn ähmiýet berilmelidigini bellemegi has-da guwandyryjydyr.

Aýna TANGYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.