Türkmen arçasy barada bilýärmisiňiz?!

29 Ýanwar 2021
2386

Türkmen arçasy — türkmen tebigatynyň, ylaýta-da, daglarymyzyň bezegi diýsek ýalňyşmarys. Onuň boýy 2 — 10 metr aralygynda bolup, kähalatlarda 25 — 30 metrlik arçalara hem duşmak bolýar. Bu arça aprel-maý aýlarynda gülleýär.

Türkmen arçasy deňiz derejesinden 1100 — 2800 metr belentlikde ösüp ýetişmek bilen, esasan, guraksy, daşly eňňitlerde boý alýar. Türkmen arçasy haýal ösüp ýetişýär, ýagny ol ygally ýyllarda 2-3 santimetr, gurak ýyllarda bolsa ýylda 1 santimetr ösýär. Oňa garamazdan, ol gurakçylyga çydamlydyr. Ol yssyny we ýagtylygy söýýär.

Merdan SAPAROW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.