Bezeg berýän guşlar

28 Ýanwar 2021
3069

Dünýäde köp görnüşliligi, üýtgeşik reňkliligi, beýleki guşlara görä aňynyň ösenligi bilen tapawutlanýan toty guşlaryň üç ýüz görnüşi bar. Käbir öýlerde şol guşlaryň dürli görnüşleri saklanýar. Paýtagtymyzyň «Aşgabat» seýilgähiniň otaglarynyň birinde bezeg berýän guşlaryň iki sanysy eldekileşdirilipdir. Soňra olar dört-bäş ýyllykda erkinlige seýilgähe goýberilen. Bagyň işgärleriniň aýtmagyna görä, olaryň sany şu wagt on bäş-on alta ýeten bolmaly. Hakyky toty guşlar maşgalasyna degişli bolan Aşgabatda mekan tutan ýaşyl öwüsýän guşlaryň köp görnüşleri yssy howaly ýurtlarda adamlara golaý ýerlerde, şol sanda uly şäherlerde hem ýaşaýarlar. Olar Krameriň monjukly toty guşy diýlip atlandyrylýar. Horazynyň boýnynda gülgüne-gyzyl halka barlygy üçin monjukly diýilýär.

1769-njy ýylda Italýanyň hem Awstriýanyň tebigaty öwrenijisi Jowanni Kopoli bu uzyn guýrukly guşy bir görnüş hökmünde anyklaýar. J.Kopoli zoolog Wilgelm Krameryň adyny ebedileşdirmek maksady bilen bu toty guşa alymyň adyny dakýar. Olaryň Türkmenistanda ýaşaýanlary hindi görnüşidir. Bu owadan guşuň eldekileri elli-altmyş sözi belläp, gaýtalamaga ukyplydyr. Olaryň horazy bilen mäkiýany jübüt bolup otuz ýyla golaý bile ýaşap bilýär. Esasy bölegi ýaşyl reňkli, çüňki gyzyl guşlar mylaýym howany halaýar, ýöne salkyn ýere hem uýgunlaşyp bilýärler. Däneler, tohumlar ir-iýmişler, güller we olaryň şiresi bilen iýmitlenýän guşlar beýik agaçlaryň köweklerinde höwürtgeleýärler we ýere örän seýrek gonýarlar. Seýilgähden gaty daşlaşman, şäherde bellän ýerlerine, iýmitlenmäge uçup barýan guşlaryň bir-iki sanysyny görmek bolýar.

Ahmet TAŇRYGULYÝEW.